“Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde 28-nji sentýabrda täze “Balykçy” restorany açyldy.
“Balykçy” restoranynyň dolandyryjysynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, restoranyň esasy menýusy balyk we deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlary özünde jemleýär. “Balykçy” restoranynda tagam taýýarlamak üçin ulanylýan balyk we deňiz önümleri Türkiýeden hem-de BAE-den getirilýär.
Diňe iň täze we ter önümleri ulanmak bilen, “Balykçy” restorany bu ýerde hödürlenilýän her bir naharyň ajaýyp tagamyny we ýokary hilini kepillendirýär. Şeýle hem “Balykçy” restorany müşderilerine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
Müşderiler restoranyň menýusynda kalmardan bişirilen tagamlary, otda taýýarlanylan osminogy we kalmary, jambo krewetkalary we dürli görnüşli “suşileri” tapyp bilerler. Şeýle-de bu ýerde çagalar üçin niýetlenilen menýu hem bardyr.
Mundan başga-da, “Balykçy” restoranynda dürli we ajaýyp çäreleri guramak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Restoranyň göwrümi 150 orunlyk bolup, ýokary hyzmaty üpjün etmek we ähli islegleri kanagatlandyrmak üçin orunlary öňünden bellemek maslahat berilýär.
“Balykçy” restorany müşderilerine her gün sagat 11:00-dan 23:00-a çenli hyzmat edýär.
Restoranyň salgysy: “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi
Telefon belgileri:
Instagram: balykcytm