Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna geçirilen resmi garşylamak dabarasy, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry, "Aksaraý" köşgi, Ankara, Türkiýe (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Ankara şäherinde penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet kabulhanasy - "Aksaraý" köşgünde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan garşylandy we bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkiýäniň Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli myhmany Türkiýede kabul edýändigine örän şatdygyny nygtap, şu gezekki saparyň dowamynda özara gatnaşyklary mundan beýäk-de pugtalandyrjak resminamalaryň birnäçesiniň baglaşyljakdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary birek-birege  sowgatlary gowşurdylar. Türkmenistanyň Prezidenti dost-doganlygyň nyşany hökmünde kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogana "Gardaş" atly türkmen alabaýyny sowgat berdi. Öz gezeginde türk Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iki sany güjük sowgat etdi. Döwlet Baştutanlary ajaýyp sowgatlar üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikiçäk we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny maslahatlaşdylar. 

Türkiýä resmi saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Anakara şäherinde ýerleşýän Atatürküň mawzoleýine şeýle hem "Türkmenistan" seýilgähinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabaralaryna gatnaşyp, iki doganlyk halkyň beýik ogullaryny hatyralady. Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistan - Türkiýe işewürlik forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Suratlar: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022