Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin işler alnyp barylýar

Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin işler alnyp barylýar
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli Aşgabatda guralan tanyşdyryş çäresinde çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 16-njy apreli.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan sişenbe güni Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli guralan tanyşdyryş çärede ýakynda Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde guralan tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýurduň syýahatçylyk agentlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Ahmet Demirok türk syýahatçylyk pudagyny tanatmagy maksat edinýän “Syýahatçylyk hepdeliginiň” çäklerinde Türkiýede we dünýäniň dürli künjeklerinde ýurduň syýahatçylyk sebitlerini we desgalaryny tanatmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Türk ilçisiniň aýtmagyna görä, resmi syýahatçylyk statistikalaryna laýyklykda 2022-nji ýylda 45 müň 249 türkmen raýaty, 2023-nji ýylda bolsa 167 göterim ösüş bilen 120 müň 928 türkmen raýaty Türkiýä baryp gördi.

Şeýle hem Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryny hepdede dokuz gezekden on bir gezege çykarandygyny, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň bolsa häzirki wagtda hepdede on gezek Aşgabat – Stambul ugrunda uçuş amala aşyrýandygyny belledi.

Şeýle hem şu ýylyň 15-22-nji apreli aralygynda bellenip geçilýän Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli guralan tanyşdyryş dabarasynda ýurduň meşhur syýahatçylyk ýerleri bilen giňişleýin tanyşdyrýan wideo şekiller görkezildi, çykyşlar diňlenildi we surat sergisi geçirildi.

Türkiýäniň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde guralan tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde myhmanlara türk tagamlary hödürlendi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022