Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde Eýranyň Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde Eýranyň Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi
Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde geçirilen Eýranyň Prezidentini hatyralamak çäresi, 2024-nji ýylyň 31-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hem-de ýurduň beýleki resmilerini hatyralamak çäresi geçirildi.

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde anna güni geçirilen çärä Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli, Eýranyň Türkmenistandaky ýaşaýjylary, pars dilini öwrenijiler, myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2022