Birinji Hazar ykdysady forumy şowhunly gala-konsert bilen jemlendi

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gala-konsert geçirildi we türkmen tarapynyň adyndan agşamlyk nahary berildi. Konserdiň dowamynda Hazarýaka döwletleriniň sungat we medeniýet işgärleri çykyş etdiler. Konsert Hazaryň kenarynda gijeki asmany uçgun bilen bezän feýrwerkler bilen tamamlandy.