Senagat pudagyna bagyşlanan sergide dokma ugry agdyklyk edýär

Senagat pudagyna bagyşlanan sergide dokma ugry agdyklyk edýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi sişenbe güni öz işine başlady.

Sergide ýerli senagat pudagynyň döwlete degişli önümçilik ugurlary bilen bir hatarda hususyýetçiler hem öz önümlerini görkezýär.

15-16-njy oktýabrda geçirilýän edýän sergide Türkmenistanda dürli senagat ugurlarynda önümçilik prosesinde ulanylýan enjamlary öndürýän daşary ýurtly kompaniýalar hem tehnik aýratynlyklaryny mahabatlandyrýar.

Ýerli dokma senagatynyň döwlet kärhanalary bilen hususy öndürijileri serginiň dowamynda täze önümlerini görkezýär. Olaryň hataryna Aşgabat dokma toplumynyň “Goza” we “Wada” haryt nyşanly dokma önümleri ilkinji gezek sergä çykarylýar.

Senagat ugurlary bilen bilelikde ýerli önümleri eksport etmekde hyzmat hödürleýän, şeýle hem logistika pudagynda hereket edýän kompaniýalary hem sergä gatnaşýar. Olaryň arasynda ýerli logistika kompaniýalary agdyklyk edýär.

Kommunikasiýa tehnologiýalary bilen bir hatarda ilat üçin hödürlenýän transport mümkinçilikleri, şeýle hem olaryň düzümine sanly tehnologiýalar esasynda girizilen täzelikler sergide ýerli infrastrukturany kämilleşdirmegiň miweleri hökmünde çykyş edýär. 

2022