“Carrefour” marketlerinde türkmen pomidorlary naýbaşy önümler bölüminde

“Carrefour” marketlerinde türkmen pomidorlary naýbaşy önümler bölüminde

Türkmenistanda pomidor ösdürip ýetişdirmegi ýola goýan “Ýigit” hojalyk jemgyýeti öz hasylynyň ep-esli mukdaryny Birleşen Arap Emirliklerine ugratdy. BEA-niň bazarynda öz ornuny tapan “Mahmal” haryt nyşanly pomidorlar Dubaýyň “Carrefour” marketleriniň “Premium Vegetables”, ýagny ýokary hilli harytlar bölüminde sarp edijilere ýetirilýär.

“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Agamyrat Çaryýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda geçen möwsümde “Carrefour” marketlerinde pomidorlaryň satylmaga başlanandygyny aýdyp, “Harydymyzyň hiline ýokary baha berleninden soň, şu ýyl üçin möwsümleýin şertnama baglaşdyk. Oňa laýyklykda BAE, aýda 100 tonna çenli pomidor iberilmegi göz öňünde tutulýar” diýip belledi.

“Türkmenistanda öndürilen pomidorlary uly mukdarda daşary ýurt bazarlaryna ýerlemek bizi diýseň buýsandyrýar” diýip, Çaryýew eksport işleri barada gürrüň berdi. “Häzirki wagtda diňe pomidor satýarys. Gelejekde başga önümlerimizi hem ibermegi maksat edinýäris”.

Çaryýew “Diýarymyzda ýetişdirilen hasyl beýleki ýurtlaryň harytlary bilen bäsdeşlige ukyplydyr” diýip, Dubaý bazarynda birnäçe sebitlerden pomidoryň barýandygyna garamazdan, öz hasyllaryna bolan islegiň köpdügini beýan etdi. Işewüriň aýtmagyna görä, sanly ulgam arkaly öýlerine sargyt edýän sarp edijilerden hem oňyn teswirler alynýar.

Häzirki günlerde täze müşderiler bilen gürrüňdeşlik geçirýändiklerini aýdan “Ýigit” HJ-niň ýolbaşçysy öňümizdäki möwsümde Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň hem abraýly söwda zynjyrlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini belledi.

Hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýylda döredilip, 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk bilen meşgullanyp gelýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 1000 gektar ýeri özleşdiren hususyýetçiler, onuň 865 gektarynda açyk ekin ekýärler. Açyk meýdanda dary, arpa, ýorunja, mäş, kädi, nohut ýaly ekinler ekilýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde 470-den gowrak işgär zähmet çekýär.

Kompaniýanyň özleşdiren ýerinden ýylyň dowamynda 12,500 tonna çenli pomidor, 1,500 tonna arpa, 300 tonna dary we 50 tonna mäş almak mümkinçiligi bar.

Pomidorlar hojalyga degişli 34 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Çaryýew ýyladyşhana toplumyny 70 gektara çenli ýetirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Häzirki döwre çenli önümler esasan-da, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, BAE, Owganystan we Yrak ýaly döwletlere iberildi. Şu ýylyň dowamynda bolsa, alty müň tonnadan gowrak hasyly eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň birnäçe sylaglaryna mynasyp bolan “Ýigit” hojalyk jemgyýeti halkara sergileriniň, şol sanda Ukrainanyň Kiýew şäherinde geçirilen “WorldFood”, Gazagystanyň Şymkent şäherinde geçirilen “Agritek” ýaly sergileriniň sertifikatlaryna mynasyp boldy.

Şeýle-de “Ýigit” Moskwa şäherinde geçirilen “Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ýyladyşhana toplumlary” atly 4-nji halkara maýa goýum forumyna gatnaşyp, “GDA ýurtlarynda ýyladyşhana pudagynda innowasion öňegidişlik” ugry boýunça sylagyny we diplomyny aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022