Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Özbegistan Respublikasynyň türkmen milli medeniýet merkeziniň we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Daşkent şäheriniň Magtymguly köçesinde ýerleşýän şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy we “Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany” atly maslahat geçirildi.

Bu çärelere Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Azerbaýjan Respublikasynyň Özbegistandaky ilçisi, Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalary, Daşkent şäher we Daşkent welaýat Türkmen milli medeniýet merkeziniň, türkmen diasporasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýşy, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Agzalan çäre barada “Uzbekistan 24” teleýaýlymynda hem-de birnäçe köpçülikleýin internet habarlar saýtlarynda beýan edildi.

2022