Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň resmi duşuşyk dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň resmi duşuşyk dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda resmi duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherine ýekşenbe güni resmi iş sapary bilen gelen Prezident Sadyr Žaparowy Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow garşy aldy.

Prezident Sadyr Žaparow resmi iş saparyny Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine we bu ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aramgähine barmak bilen başlady. Gyrgyzystanyň Baştutany Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, metjidiň özi bilen hem tanyşdy.

Şol günüň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanşyp, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Bu forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi.

Duşenbe güni Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdançada duşuşdylar. Iki ýurduň Baştutanlary öz ýurtlarynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen birek-biregi tanyşdyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirmek üçin “Oguz han” köşkler toplumyna ugradylar.

(Suratlar: Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

2022