Türkmen santehnika we azyk önümleri Gyrgyzystana iberildi

Türkmen santehnika we azyk önümleri Gyrgyzystana iberildi

Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (KSTB) bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) arasynda türkmen gök önümlerini, santehnika we azyk önümlerini Gyrgyzysatana ibermek baradaky şertnamalaryň çäginde Türkmenistandan ugran ýükli uçar sişenbe güni Bişkek şäherine bardy. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz-türkmen ykdysady forumynda KSTB-niň we TSTB-niň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda şertnamalar baglaşyldy.

Şeýlelik bilen, gök önümleri, santehnika we azyk önümlerini ibermek boýunça umumy bahasy 21 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan şertnamalara gol çekildi.

Bişkek howa menziline baran ýükleri Gyrgyzystanyň Prezident Administratiw edarasynyň başlygynyň orunbasary Adylbek Kasymaliýew garşy aldy.

Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny aýtdy.

“Türkmenistandan gelen ýükler baglaşylan şertnamalaryň eýýäm amala aşyrylyp başlanandygyny aňladýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljekde hem giňeler diýip umyt edýärin” diýip, Kasymaliýew belledi.

KSTB-niň ýolbaşçysy Danil Ibraýewiň “Tazabek” internet neşirine beren habaryna görä, Türkmenistandan gelen ýükleriň 18 tonnasy santehnika önümlerinden, 10 tonnasy pomidordan, 6 tonnasy käşirden, 2 tonnasy konditer önümlerinden, matalaryň nusgalaryndan, şeýle hem polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerinden ybaratdyr.

Mundan başga-da, KSTB-niň we TSTB-niň arasynda baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde egin-eşik we aýakgap önümçiligini, maýa goýum işlerini we iki ýurduň telekeçileriniň arasynda import-eksport amallaryny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça karara gelindi.

(Suratlar: Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022