Türkmenistanyň Prezidenti “Ahal-siti” gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda “Ahal-siti” döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Türkmen Liderine Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy Derýaguly Orazow we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Orazow milli Liderimizi bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary, şol sanda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralga we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Şeýle hem beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki hem bina ediler. Döwlet Baştutanymyza bu desganyň eýwanynyň, içki bezeginiň dürli görnüşleriniň Şekil taslamalary görkezildi.

TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew bu ýerde bina edilmegi meýilleşdirilen dürli täze gurluşyklaryň şekil taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bu ägirt uly döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy 2019-njy ýylyň aprelinde başlandy. Taslamanyň gurluşygyna 1 milliard 500 million ABŞ dollary bölünip berildi.