Aşgabatda köpugurly işewür merkezli “Garagum” oteli açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni Aşgabat şäherinde köpugurly işewür merkezli “Garagum” oteliň açylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabara ýurduň deputatlary, hökümet agzalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

A. Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda ýerleşýän täze otel merkez we iki gapdal binalardan ybaratdyr. Mundan başga-da 6,9 gektar meýdanda ýerleşýän binagärlik toplumynda ak öý hem ýerleşendir.

Otelde kaşaň otaglaryň 80-den gowragy, şol sanda standart, sýut, lýuks hem-de super lýuks otaglar bar. Şeýle-de, otel restoranlary, banket zalyny, suwda ýüzülýän howuzlary, fitnes-zaly, tennis meýdançasyny we beýleki birnäçe ýerleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň awgust aýynda başlan “Garagum” oteliniň gurluşygyny “Rönesans” türk kompaniýasy alyp bardy.