Aşgabatda baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

Aşgabatda baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy
test testtesttesttesttesttesttesttesttest

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda çarşenbe güni ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. 

“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent we bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.

Owadan arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre barabardyr. Soňky ýyllarda Aşgabatdaky baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.

Dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.

Mundan başga-da, çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgatlar gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.

Suratlar: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

2022