USAID türkmen senetçilik önümleriniň dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam edýär

USAID türkmen senetçilik önümleriniň dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam edýär
“Handmade Exports 2021” maksatnamasynyň netijesinde oňa gatnaşyjylar öz “eBay” dükanlaryny açdylar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) ýerli “Orlan” kompaniýasy bilen bilelikde şenbe gün “Handmade Exports 2021” (HME) startap inkubator maksatnamasynyň soňky çäresini geçirdi. 

Bu çäre Türkmenistanyň iň ussat senetçileriniň el işleriniň sergisini we HME maksatnamasynyň çäginde gazanylan täze telekeçilik işlerini, önümlerini we üstünliklerini emin agza toparyna hödürlän 10 sany maksatnama finalistleriniň bäsleşigini özünde jemledi. Bu barada USAID-iň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S.Klimow çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, sanly üýtgeşmeleriň her bir ykdysady we jemgyýetçilik pudagyna täsir edýän döwründe bu täze tehnologiýalaryň däp-dessura öwrülen we belli bir geografiki ýerleşiş bilen baglanyşykly bolan senetçilik söwdasyna ýetendigini görmek aýratyn tolgundyryjydyr diýdi.

Siziň döredijiligiňiz we hyjuwyňyz ajaýyp eserleriňizi ABŞ-da we beýleki ýurtlarda “eBay”, “Deliverr”, “Payoneer”, “Etsy” we ş.m. onlaýn hyzmatlar meýdançasy arkaly müşderileriň satyn almaklaryna mümkinçilik döretdi diýip, diplomat belledi.

Maksatnamanyň alty gatnaşyjysy guramaçylardan we hemaýatkärlerden baýrak aldy. Türkmenistanyň çäginde täsin el halylary bilen meşgullanýan Maýa Orazmyradowa durnukly işewürlik modeli, täzeçe garaýyşly telekeçilik çemeleşmesi we ajaýyp çykyş etmek başarnygy bilen birinji orny eýeledi.  

“Handmade Exports 2021” maksatnamasynyň netijesinde 16 maksatnama gatnaşyjysy 2021-nji ýylyň noýabr aýynda öz “eBay” dükanlaryny açdylar.  Möçberi 24 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan, esasan, Demirgazyk Amerikaly alyjylara gönükdirilen jemi 190 önüm eBay onlaýn-meýdançasyna çykaryldy.  Mundan başga-da, bu 16 adamyň 12-si 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistandan “Deliverr” kompaniýasynyň ABŞ-daky ammaryna 105 sany harydyň birleşdirilen tapgyryny iberdi. 

2022