Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri dar düzümli gepleşik geçirdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri dar düzümli gepleşik geçirdiler
Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň “Oguzhan” köşkler toplumynda dar düzümli gepleşik geçirdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Döwlet Baştutanlary köp asyr dowam eden dostlukly gatnaşyklaryna we iki döwletiň halklarynyň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary has-da çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşiklerde esasan syýasy, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, suw, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerine garaldy.

Şeýle-de taraplar soňky ýyllarda amaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda öňegidişligiň gazanylandygyny we “Ýol kartasy” esasynda baglaşylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler.

Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleriniň we sebitleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar we alyş-çalyşlar amala aşyrylýar diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şawkat Mirziýoýew we Serdar Berdimuhamedow bu duşuşygyň köptaraplaýyn özbek-türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň ösmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanlary halkara we sebitleýin gün tertibi hem-de Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary 20-nji oktýabrda başlandy.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022