Balkan welaýatynda şu ýyl ýaş mallaryň 53 müňden gowragy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda şu ýyl ýaş mallaryň 53 müňden gowragy alyndy
Balkan welaýatynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi aprel aýynyň ikinji on günlüginde tamamlanýar.

Balkan welaýaty boýunça şu ýylyň owlak-guzy möwsüminde 58130 ene dowardan ýaş mallaryň 53 müňden gowragy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Şeýle üstünligiň gazanylmagyna welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň “Gyzylarbat”, Türkmenbaşy etrabynyň “Balkan”, Etrek etrabynyň “Gyzylbaýyr” maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary saldamly goşant goşdular.

Habarda bellenilişi ýaly, sebitiň toprak-howa şertlerine görä bu möwsüm Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryna garanyňda biraz giç başlanýar. Şoňa görä-de sebitde dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi aprel aýynyň ikinji on günlüginde tamamlanýar.

Balkan welaýatynyň maldarçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynda bakylýan ene düýelerden alynan köşekleriň sany 744-e ýetdi.

Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýylyň owlak-guzy möwsüminde 74 müň 708 sany owlak-guzy aldylar.

2022