Lebaply maldarlar şu ýyl 74.7 müňden gowrak owlak-guzy aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply maldarlar şu ýyl 74.7 müňden gowrak owlak-guzy aldylar
Owlak-guzy almak baradaky meýilnamalary ilkinjiler bolup Lebap welavatyndaky “Serdar”, “Garagum”, “Jeýhun” maldarçylyk hojalyklary berjaý etdiler.

Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýylyň owlak-guzy möwsüminde 74 müň 708 sany owlak-guzy aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Owlak-guzy almak baradaky meýilnamalary ilkinjiler bolup Çärjew etrabyndaky “Serdar”, Halaç etrabyndaky “Garagum”, Saýat etrabyndaky “Jeýhun” maldarçylyk hojalyklary berjaý etdiler.

Şeýle hem ýokary netijäniň gazanylmagynda Hojambaz etrabyndaky “Tallymerjen”, şeýle hem Köýtendag etrabyndaky “Köýtendag” maldarçylyk hojalyklarynyň hem saldamly goşantlary bardyr.

Lebap welaýatynyň düýedarçylyk hojalyklary hem şu ýylyň möwsüminde 467 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda köşekler weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylyp, sagdyn kemala getirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022