“Altyn Ýunus” kompaniýasynyň önümleri Hytaýyň bazarynda satuwa çykarylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn Ýunus” kompaniýasynyň önümleri Hytaýyň bazarynda satuwa çykarylar
"Altyn Ýunus" kompaniýasy azyk önümleriň we içgileriň “SIAL China” atly halkara sergisinde, 18-20-nji maý, Şanhaý, Hytaý

Türkmenistanyň "Altyn Ýunus" kompaniýasynyň önümleri ýakyn wagtda Hytaýyň bazarynda satuwa çykarylar. Bu barada kompaniýa öz sosial torlarynda sişenbe güni habar berdi.

Kompaniýa Hytaýyň Şanhaý şäherinde 18-20-nji maý aralygynda geçirilen azyk önümleriň we içgileriň “SIAL China” atly halkara sergisinde birnäçe ýerli distribýutorlar bilen şertnamalary baglaşdy.

“Altyn Ýunus” kompaniýasynyň “SIAL China” sergisine gatnaşmagy sarp edijileriniň sanyny artdyrmakda we ýokary hilli azyk hem-de içgi önümlerine uly islegi bolan Hytaý bazarynda berk orny eýelemekde möhüm ädimdir.

Kompaniýanyň “SIAL China” sergisine gatnaşmagy halkara söwdanyň we azyk senagatynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär hem-de Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinde barha artýan ornuna ünsi çekýär.

“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy 10 ýyldan bäri türkmen bazarynda iş alyp barýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümleri Azerbaýjana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa we Yraga eksport edilýär.

2022