Türkmenistanyň ýolbaşçylary Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan Prezidentini gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan Prezidentini gutladylar
Türkiýäniň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Rejep Taýyp Ärdogan (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy bilen Türkiýäniň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogana gutlag hatyny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gutlag hatynda türkmen halkynyň adyndan türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türk Liderine tüýs ýürekden çykýan gutlaglar beýan edilýär. Şeýle-de Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan Prezidentine döwlet işinde geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Türkiýäniň gaýatdan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ony türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirjekdigini, ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşi deslapky netijelere esaslanyp, ýekşenbe güni geçirilen Türkiýäniň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Rejep Taýyp Ärdoganyň ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. “Anadolu” agentliginiň habaryna görä, berlen umumy serleriň 99,85 göterimi sanaldy we onuň netijeleri boýunça Rejep Taýyp Ärdogana 52,16 göterim, bäsdeşi Kemal Kylyçdarogluna bolsa 47,84 göterim ses berildi.

2022