Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 110,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarydyr. Bu barada Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Gazagystan Türkmenistana umumy möçberi 90,6 million ABŞ dollaryna deň bolan haryt eksport etdi. Şol bir wagtyň özünde Gazagystan Türkmenistandan 19,9 million ABŞ dollary möçberinde önüm import etdi.
Gazagystanyň Türkmenistana eksportynyň esasy bölegini däne, un, gara metallar, himiki we mineral dökünler hem-de metal däl magdanlar tutýar. Öz gezeginde Gazagystanyň importynyň esasy ugurlaryna sitrus miweleri, pomidor, mineral, himiýa we dokma önümleri degişlidir.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 72 göterim ýokarlandy we takmynan 438 million ABŞ dollaryna barabar boldy.