Latwiýanyň derman kärhanasy Merkezi Aziýa bazaryna girmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Latwiýanyň derman kärhanasy Merkezi Aziýa bazaryna girmegi maksat edinýär
Derman önümçiliginden bir pursat (Surat: latviainside.com)

"AB City" paýdarlar jemgyýetiniň golçur kärhanasy we Baltika ýurtlarynyň iň iri derman kärhanalarynyň biri bolan Latwiýanyň derman kärhanasy “Olainfarm” alyp barýan işini Merkezi Aziýa ýurtlarynda, esasan hem, Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Baltic Times” gazeti penşenbe güni habar berdi.

“Olainfarm” saglygy goraýyşyň möhüm ugurlaryna derman serişdelerini hödürläp, ýakyn bäş ýylda Ýewropanyň öňdebaryjy on derman kärhanasynyň birine öwrülmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň bukjasynda 60-dan gowrak taýýar dermanlaryň görnüşleri we 25 işjeň goşundular bar.

Kompaniýa önümçiligini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, sanlylaşdyrmak üçin takmynan 32 million ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu maýa goýumynyň maksady “Olainfarm” derman kärhanasyny Ýewropanyň öňdebaryjy derman kärhanalarynyň birine öwürmekden ybaratdyr.

“SNG Today” internet neşiriniň habaryna görä, 18-nji ýanwarda Özbegistanyň Latwiýadaky ilçisi Kadambaý Sultanow “Olainfarm” derman kärhanasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ýuris Bundulis bilen duşuşyp, Özbegistanyň bazarynda işini giňeltmek we derman önümleriniň bilelikdäki önümçiligini ýola goýmak barada pikir alyşdy.

2022