Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) tüwi baha indeksi şu ýylyň iýul aýynda geçen aý bilen deňeşdirilende 2,8 göterim ýokarlanyp, soňky on iki ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Muňa esasan-da, tüwini eksport edýän esasy ýurtlarda tüwä bolan islegiň artmagy netijesinde bahalaryň ýokarlanmagy we Hindistanyň tüwiniň käbir görnüşleriniň eksportyna çäklendirmeleri girizmegi sebäp boldy. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy anna güni habar berdi.
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýar. FAO-nyň tüwi boýunça baha indeksi şu ýylyň iýul aýynda 129,7 bala ýetdi. Bu görkeziji iýun aýynda 126,2 bala deň boldy.
FAO-nyň maglumatyna görä, iýul aýy boýunça tüwi baha indeksi geçen ýylky görkezijiden (108,4 bal) 19,7 göterim ýokarydyr. Bu bolsa 2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri iň ýokary derejedir.
Agentligiň dünýädäki azyk harytlarynyň bahalarynyň görkezijisi hem iýul aýynda ýokarlandy. Dünýä azyk önümleriniň ortaça bahasy iýul aýynda 123,9 bal deň boldy we bu geçen aý bilen deňeşdirilende 1,3 göterim ýokarydyr. Emma bu görkeziji 2022-nji ýylyň iýul aýynyndaky derejesinden 11,8 göterim pesdir.
Dünýä tüwi eksportynyň 40 göterim paýyna eýe bolan Hindistan geçen aý içerki bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen tüwiniň köp görnüşiniň eksportyna çäklendirme girizmek kararyna geldi. Önümçilige ýaramaz täsir edýän üýtgäp durýan howa netijesinde Hindistanda tüwiniň bahasy soňky hepdelerde iň ýokary derejä ýetdi.
Tüwini eksport edýän öňdebaryjy ýurtlaryň arasyna Hindistan, Taýland, Wýetnam, Kamboja we Pakistan girýär.