Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Batyr Annanyýazowyň guşçylyk toplumynda her gün 70 müňe golaý ýumurtga alynýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly towuklaryň 100 müňden gowragy idedilýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, telekeçi Batyr Annanyýazowa degişli 100 gektar ýerde dürli görnüşli dänelik ekinler ösdürilip ýetişdirilip, olar bu guşçulyk toplumynda iým hökmünde giňden peýdalanylýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Oraznazar Annanyýazowyň et ugurly guşçulyk toplumynda broýler towuklaryň 20 müňüsi idedilip, ol ýerde ýetişdirlen towuk etleri “Jadyly saçak” haryt nyşany bilen ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar.