TDHÇMB telekeçileriň birža söwdalaryna gatnaşmaklary babatdaky amallary has hem döwrebaplaşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB telekeçileriň birža söwdalaryna gatnaşmaklary babatdaky amallary has hem döwrebaplaşdyrdy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň sergidäki diwarlygy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) tarapyndan telekeçileriň we kärhanalaryň birža söwdalaryna gatnaşmaklary babatdaky amallar has hem döwrebaplaşdyryldy.

Telekeçiler we kärhanalar has hem gysga wagtyň içinde dellallyk ýerini satyn almak arkaly ýa-da biržanyň dellallary bilen dellalçylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak barada şertnama baglaşmak arkaly birža söwdalarynda harytlary satyn almak - satmak amallaryny amala aşyryp bilerler.

Birža söwdalaryna gatnaşmaga isleg bildirýänler TDHÇMB-nyň degişli bölümine dellallyk ýerini satyn almak barada ýüztutma haty, direktor tarapyndan dellal üçin berlen ynanç haty, umumy ynanç hatynyň nusgasy, şeýle hem direktor tarapyndan tassyklanan bank maglumatlary esasynda dellallyk ýerini satyn alyp bilýärler.

Olaryň birža söwdalaryna gatnaşmaklary üçin 1 ýyllyk dellalçylyk ýeriniň bahasy 10,000 (on müň) manat möçberinde kesgitlenendir.

Birža söwdalaryna gatnaşýan taraplarda döräp biljek islendik soraglar boýunça maslahat bermek hyzmatlary Biržanyň degişli hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Birža söwdalary aýanlyk we köpçülikleýinlik, birža söwdasyna gatnaşyjylar üçin birža söwdasyna gatnaşmagyň şertlerleriniň deňligi ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar. Biržada bahalar erkin ýagdaýda emele getirilip, birža geleşikleri meýletin baglaşylýar. Birža söwdalaryna çykarylan harytlaryň ählisini islendik dellal bäsleşikli şertde erkin alyp bilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzyň lomaý bazaryny düzgünleşdirmek boýunça iň möhüm ykdysady institutlaryň biri bolup, eksport we import amallaryny amala aşyrmakda seljeriş we düzgünleşdiriş wezipesini ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda birža işine sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdalary geçirmek we şertnamalary bellige almak yzygiderli kämilleşdirilýär.

2022