“Täç hil” egin-eşikler üçin suwuk ýuwujy serişdeleri öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täç hil” egin-eşikler üçin suwuk ýuwujy serişdeleri öndürip başlady
“Täç hil” hususy kärhanasynda dürli reňkli egin-eşikler üçin suwuk ýuwujy serişdeleriň öndürilýän pursady

“Täç hil” hususy kärhanasy ak we dürli reňkli egin-eşikler üçin suwuk ýuwujy serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy.

Kärhananyň esaslandyryjysy Täçmyrat Gurdowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, egin-eşikler üçin suwuk ýuwujy serişdeler ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär we olar bäş litrlik polipropilen gaplara gaplanylýar.

“Täç hil” kompaniýasy doly güýjünde işledilende, bir aýyň dowamynda egin-eşikler üçin suwuk ýuwujy serişdäniň 500 tonnasyny, bir ýylda bolsa 6000 tonnasyny çykarmaga mümkinçiligi bardyr.

“Bu önümiň esasy aýratynlygy egin-eşikleri düýpli tämizlemek, tegmilleri aýyrmak, olaryň berkligini we asyl durkuny, reňkini gorap saklamak bolup durýar” diýip, Täçmyrat Gurdow gürrüň berdi.

Awtomatlaşdyrylan kir ýuwujy enjamlarda ulanmaklyk üçin niýetlenilen suwuk ýuwujy serişdäniň düzüminde optiki agardyjylar, ys berijiler, kesgitlenen derejelerde suw ýumşadyjylar, serişdäniň tegmil aýryjy aýratynlyklaryny ýokarlandyrýan, şeýle hem matanyň dokalyş gurluşyny saklaýan we güýçlendirýän goşundylar bardyr.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy bu önümi öndürmekde ýokary hilli ýerli we daşary ýurtlardan getirilýän çig mallary ulanýar.

Häzirki wagtda “Täç hil” kompaniýasy polietilen torbalaryň dürli görnüşleriniň (senagat ugurly önümleri gaplamak üçin, oba-hojalyk harytlary, iýmit we azyk önümlerini gaplamak üçin) zir-zibil salmak üçin hoşboý ysly hem-de ýüpli we ýüpsiz torbalaryň, çygly süpürgiçleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, suwuk sabynlaryň, atyr ysly köpürjikli sabynlaryň, gel we suwuk görnüşli abtibakterial serişdeleriň, ýakymly ys berijileriň, aýna ýuwujy serişdeleriň, atyrlaryň we suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeleriň önümçiligini alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022