TDHÇMB-nyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-nyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Söwda toplumy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklaýan Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Bu resminama berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky Karary bilen döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022