Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministri Buýar Osmani Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyny dowam edýär. Bu barada Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, press24.mk. habar berýär.
Şu ýylyň awgust aýynda Özbegistana we Gazagystana eden saparyndan soň Buýar Osmaniniň iki günlük sapar bilen Gyrgyzystana barmagyna we indiki hepde Türkmenistana gelmegine garaşylýar.
Saparynyň çäklerinde Buýar Osmani Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirer we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşar. Şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi.
Guramanyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.