Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHMÇB) söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 7 million 377 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni, türkiýeli işewürler bolsa motor ýagyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek matalary, jins önümlerini, pamyk toplumlaryny, pagta süýümini, nah ýüplügini satyn aldylar.
Türkmenistanlt telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 57 million 680 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, el halylaryny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek hem-de jins önümlerini, nah ýüplügi, aşgarlanmadyk matany satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.