Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şenbe güni geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinde türkmen tarapy türkmen-eýran serhetiniň aýry-aýry böleklerinde söwda-ykdysady zolaklaryň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklaryň amala aşyrylýandygy bellendi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, nebit-gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Şeýle hem türkmen tarapy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesinde “Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna ünsi çekdi. Bu babatynda türkmen tarapy taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň bardygyny, häzirki wagtda bolsa, ulag geçelgesiniň ýokary netijelilige eýedigini bellemäge esas berýändigini nygtady.
Nobatdaky hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Tawanir” kompaniýasynyň we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga, Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda “Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.