Noýabr IV hepde: TDHÇMB-da söwdalar $50,8 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr IV hepde: TDHÇMB-da söwdalar $50,8 milliondan geçdi
Işewürler birža söwdalarynda elektron hasaba durýarlar, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 50 million 863 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, jins matany satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 725 müň manatdan gowrak bolan pagta galyndysyny, çig ýag turşulygyny, flanel matany, el halylaryny, ýorgandüşek toplumlaryny, aşgarlanmadyk bizi we çig ýüpegi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

2022