Türkmenistanyň Deňiz söwda flotunyň gämileri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda daşalan ýüküň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,6 göterim ýokarlanyp, jemi 2,064 million tonna deň boldy.
Deňiz söwda flotunyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, flotuň ýük daşamak boýunça meýilnamasy 129,4 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük dolanyşygy 867,149 million tonna-kilometre ýetip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 19,1 göterim ösdi.
Geçen 11 aýyň jemleri boýunça göz öňünde tutulan iş meýilnamasy 228,9 göterim ýerine ýetirildi. Daşalan konteýner ýükleriniň möçberi 3271 TEU birligine deň bolup, 265,9 göterim ösüş gazanyldy.
Ýolagçy dolanşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 556,4 göterim ýokarlanyp, umumylykda 8,540 million ýolagçy-kilometre barabar boldy. Ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama 245,9 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Deňiz söwda flotunyň gämileri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda daşalan ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 23,8 göterim ýokarlanyp, jemi 1,884 million tonna barabar boldy.