Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy Gyrgyzystanyň sebit arabaglanyşygyny ýokarlandyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy Gyrgyzystanyň sebit arabaglanyşygyny ýokarlandyrar
Usi-Lýanýungan-Özbegistan ýük otlusy Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Usi şäherinden ugraýar, 2022-nji ýylyň 13-nji awgusty. (Surat: VCG)

Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy Gyrgyzystanyň öňünde täze mümkinçilikleri açyp, ulag babatdaky çäklendirmeleri azaltmaga ýardam berer diýip, Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew aýtdy. Bu barada “Trend” habarlar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Ministr Daniýar Amangeldiýew bu demir ýoluň ulag meselelerini we geografik çäklendirmelerini çözmekde Gyrgyzystan üçin möhüm ähmiýetli çäredigini, onuň sebit arabaglanyşygyny gowulandyrmak üçin strategik çözgüt bolup biljekdigini nygtady. Ýurduň degişli ministrligi ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we söwda mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly Türkmenistany, Gyrgyzystany, Özbegistany, Kawkaz ýurtlaryny, Russiýany we Aýlag döwletlerini özara baglanyşdyrýan goşmaça ulag geçelgesini döretmek mümkinçiliklerini hem öwrenýär.

Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we söwda ministrligi ykdysady ösüşe itergi bermek, bazary giňeltmek, täze eksport-import mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, Hytaýda, Özbegistanda we Türkiýede söwda wekilhanalaryny açdy. Şeýle hem Gyrgyzystan Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň bazarlaryna çykmak mümkinçiligini üpjün etmek maksady bilen Özbegistanyň Termez şäheriniň Halkara söwda merkezinde wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär.

Gurulmagy meýilleşdirilýän Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ulag taslamasy 454 kilometre uzaýan demir ýol geçelgesinden ybarat bolup, ol üç ýurduň ýol-ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022