Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi, 2023-nji ýylyň 26-njy dekabry, Stambul, Türkiýe. (Surat: “Uzbekiston temir yullari”)

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri Stambul şäherinde ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirdiler. Onda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşykda, esasan hem, ulag geçelgesi boýunça demirýol daşamalarynyň nyrhlaryny peseltmek we onuň üsti bilen ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarda emele getirilen amatly we bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň harytlaryň hem-de ýükleriň daşalyş möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi hakynda bitewi düşünjä geldiler.

Mejlisiň jemleri boýunça ulag geçelgesine gatnaşyjy demirýol edaralarynyň arasynda Teswirnama gol çekildi. Bu resminama degişli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk we bilelikdäki tagallalar üçin ähli taraplaryň ylalaşandygyny tassyklamak bilen ulag geçelgesini ösdürmekde möhüm tapgyry açýar.

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ulag geçelgesini döretmek hakynda Teswirnama şu ýylyň 2-nji noýabrynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ulag ministrleriniň 12-nji duşuşygynyň çäklerinde gol çekilipdi.

2022