“Dragon Oil” Çelekeniň golaýyndaky geljegi uly üç ýatagy özleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dragon Oil” Çelekeniň golaýyndaky geljegi uly üç ýatagy özleşdirer
“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktory Ali Raşid Al Jarwan özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekýärler, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwary, Dubaý, BAE. (Surat: WAM)

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde Dubaýyň “Dragon Oil” nebit kompaniýasy Çelekeniň golaýyndaky geljegi uly üç ýatagy özleşdirmäge girişer. Bu barada “Emirates News Agency” (WAM) şenbe güni habar berdi.

Degişli resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparynyň çäklerinde anna güni gol çekildi.

“Dragon Oil-iň” direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer kompaniýanyň ýakyn geljekde uglewodorod çig malynyň gazylyp alnyşyny artdyrmak maksady bilen degişli üç nebit ýatagyna goýberilýän maýa goýumlary köpeltmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Şeýle hem Al Taýer Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdelerine baý ýurtdygyny, şundan ugur alyp kompaniýanyň täze maýa goýumlar arkaly ýurtda alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda tagalla edýändigini aýtdy. Bu maýalar iki tarapa hem bähbitli bolup, döwletiň ykdysadyýetine goşant goşar we täze iş orunlaryny döreder.

Mundan ozal, kompaniýanyň hünärmenleri degişli uglewodorod ýataklarynyň çäklerinde jemi bahasy $35 million ABŞ dollaryna barabar seýsmiki barlaglary alyp bardylar. Barlaglar 19-njy blogyň uly mümkinçiliklere eýedigini görkezdi.

“Dragon Oil” Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri nebit hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Hazar deňzinde, hususanda, Çeleken şertnama zolagynda uglewodorod serişdelerini gazyp almak kompaniýanyň alyp barýan esasy iş ugrudyr. Kompaniýanyň Türkmenistanda 2 müňden gowrak işgäri bar.

2022