Maryda polisiýa işgärleri üçin 52 sany täze kottej gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryda polisiýa işgärleri üçin 52 sany täze kottej gurlar
Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin iki gatdan ybarat kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 25-nji ýanwary, Türkmenabat şäheri, Türkmenistan.

Mary welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 gatly, her biri 2 hojalyga niýetlenen, jemi 52 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Bu maksat bilen Mary şäher häkimligi kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Maru-Şahu-Jahan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Täze kotejler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky 13792 belgili Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň her görnüşi üçin wagtlaýyn kabul edilen aňryçäk bahalaryň çäginde gurlar.

Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäher häkimliginiň edara binasynda geçiriler.

Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenen 42 sany kottej jaýy açylyp ulanylmaga berildi.

2022