“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy sişenbe güni Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 86-njy sessiýasynyň “2050-nji ýyla çenli içerki ulaglaryň dekarbonizasiýa geçmegine milli garaýyşlar we syýasy nukdaýnazarlar” atly mejlisinde halkara “Ýaşyl port” talaplaryna laýyklykda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Çärä ABŞ-nyň, Gollandiýanyň, Nigeriýanyň, Saud Arabystanynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), Halkara ýol federasiýasy (IRF) we BMG-niň Söwda we ösüş maslahaty (UNCTAD) ýaly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada “Demirýollary” AGPJ-si habar berdi.
Habar bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň hersinde bio arassalaýjy enjamlar ornaşdyrylyp, bu ýerde elektrik energiýasy bilen işleýän we tebigata zyýansyz tehnologiýalar ulanylýar. Portda galyndylaryň we zyňyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini iň az derejä ýetirmek ýörelgesi giňden ulanýar.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler içerki ulagda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alnyp barylýan tejribeler we işler barada gürrüň berdiler, şeýle hem, dünýäde parnik gazlarynyň 72 göteriminiň ulag pudagyna degişlidigini belläp geçdiler.
Çäre 23-nji fewrala çenli üç günläp dowam eder. Agentligiň başlygy durnukly ulag we sanlylaşdyrmak mowzuklary boýunça geçiriljek ugurdaş çärelere gatnaşar we olarda çykyş eder.