JICA Türkmenistana Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde gümrük hyzmatdaşlygyny hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
JICA Türkmenistana Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde gümrük hyzmatdaşlygyny hödürledi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti bilen JICA-nyň Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasaharanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 7-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasahara bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kenji Ogasahara türkmen tarapyna Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi üçin gümrük işlerinde hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenbaşy deňiz portunyň çäginde ýükleri gümrük taýdan resmileşdirme işleri bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň JICA-nyň çäklerinde guralýan okuw maksatnamalaryna gatnaşmagy barada hem pikir alşyldy.

Ýaponiýanyň wekiliýeti JICA bilen Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde amala aşyrylýan (Master Trainer Program) okuwyna Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy. 

2022