Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky taslamalarynyň häzirki karz bukjasy takmynan 27 million ýewro deň bolup, ol 21 taslama goldaw bermegi maksat edinýär. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.
ÝTÖB-niň ýurtdaky maýa goýum işleri dürli ykdysady pudaklary öz içine alýar, esasn hem maýa goýumlary (takmynan 85 göterim ýa-da 23 million ýewro) senagat, söwda we oba hojalygyny ösdürmek üçin bölünip berilýär. Galan 15 göterimi bolsa (takmynan 4 million ýewro) maliýe guramalaryna maýa goýulýar.
ÝTÖB maýa goýum işleriniň tutuşlygyna Türkmenistanda hususy pudagyň ösüşini höweslendirmeklige gönükdirilendigini nygtaýar.
ÝTÖB Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda 336 million ýewro barabar bolan 87 taslama maýa goýumyny goýdy.