2025-nji ýyl: Türkmenistanda Awstriýa öýi açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
2025-nji ýyl: Türkmenistanda Awstriýa öýi açylar
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýada geçiren duşuşyklaryndan bir pursat, 2024-nji ýylyň 11–12-nji marty, Wena

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak teklibini beýan etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow şu ýylyň 10-13-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabata görä, Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministri bilen Wenada geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna garaldy we onuň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekildi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda wise-premýer Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň garamagyna türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

2022