Türkmenistan we Günorta Koreýa energetika, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Günorta Koreýa energetika, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soňyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 27-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Koreýaly işewür toparlaryň wekilleri Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurtda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.

Işewürler dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň beýan eden möhüm teklipleriniň doly öwreniljekdigini nygtap, olar boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreýaly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika, senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykda ulag-logistika, ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň arasynda ýolagçy howa gatnawyny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň wekilleri ýurtda geçirilýän “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşdylar. Saglygy goraýyş ulgamyndaky edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

2022