“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Brýusselde Türkmenistan–ÝB energetika boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine “Türkmennebit” döwlet konserniniň, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň we Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynyň wekilleri hem girdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Şeýle hem maslahata ÝB tarapyndan Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň Daşarky hereketler gullugynyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş müdirliginiň, Howanyň ýagdaýy boýunça baş müdirliginiň we Ýewropa Komissiýasynyň söwda boýunça baş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen gazyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalaryny artdyrmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti milli energetika pudagynda gazanylan üstünlikler, bu babatdaky kanunçylyk binýady, diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalar, durnukly we ekologiýa taýdan howpsuz energiýa çärelerine ygrarlylyk we gün energiýasy boýunça taslama barada habar berdi.
Mundan başga-da, şol gün Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Energetika boýunça Ýewropa Komissarynyň Kabinetiniň başlygy Stefano Grassi bilen duşuşdy.