Türkmenistanyň daýhanlary ýurduň harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daýhanlary ýurduň harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirýär, 2024-nji ýylyň 24-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda duşenbe güni geçiren iş maslahatynda ýurduň daýhanlarynyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp gördi we toplumyň işi bilen tanyşdy.

Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurtda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem önümçilik toplumynyň çäginde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän galla önümleriniň görnüşlerinden, tohumlyk dänelerden, täze hasyldan taýýarlanan undan, çörek we çörek önümlerinden ybarat bolan sergi guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022