“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaýyň “COSCO Shipping Group” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda çarşenbe güni Hytaýda geçirilen duşuşykda kompaniýanyň konteýner liniýa gatnawyny Türkmenistana getirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
TULM-yň habar bermegine görä, duşuşykda hytaý kompaniýasynyň konteýnerlerini Türkmenbaşy Halkara portyna getirip, Merkezi Aziýada HUB döretmek bilen, konteýnerlary Gündogar-Günbatar ugurlaryna daşamak boýunça iki taraplaýyn meselelere garaldy.
Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda esasy iki taraplaýyn göz öňünde tutulýan ugurlar boýunça, ýagny Hytaý Halk Respublikasyndan Gazagystanyň üsti bilen we Hytaý Halk Respublikasyndan Gyrgyzystan Respublikasynyň üsti bilen Türkmenistana getirmeklik we soňra Türkmenbaşy Halkara portynyň üsti bilen dürli ugurlara, esasanda Ýewropa ýurtlaryna hem-de Ýakyn Günbatara aýry-aýry konteýnerleri daşamaklyk ylalaşyldy.
“COSCO Shipping Group” Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki halkara konteýner ulag we ýük daşaýyş kompaniýasy bolup, ol dünýäde umumy ýükleri daşamak boýunça birinji ýerde we konteýner daşamak boýunça bolsa üçünji ýerde bolup durýar.