Aşgabatda Hytaýyň logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

THP
Aşgabatda Hytaýyň logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
Sian şäheriniň Hsinçu demir ýol menzili

Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Hytaý wkiliýetine bu kompaniýanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtyň özünde hem Gazagystan Respublikasyndaky şahamçasynyň başlygy Lýuý Szýunfen ýolbaşçylyk etdi. Kompaniýa esasan demirýol we awtoulag ýoly arkaly ýük daşamak bilen meşgullanýar. Onuň wekilhanalary dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýär.

Pikir alyşmagyň barşynda Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi we üstaşyr geçiriş mümkinçiligi bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurduň üsti bilen ýük daşamagyň möçberiniň çalt depginde ösýändigi mälim edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan XXI asyryň Ýüpek ýolundaky möhüm ulag we logistika merkezine öwrülýär. Ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we goşmaça üstaşyr ýük akymlaryny çekmek üçin gümrük işleri awtomatlaşdyryldy hem-de gümrük barlagy wagtynda häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň gümrük nokatlary arkaly ulaglaryň üznüksiz daşalmagyny üpjün edýär.

«Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri Hytaý tarapyna Türkmenistanyň ulag we ekspeditorlyk kompaniýalarynyň — assosiasiýanyň agzalarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryna ýük iberýändiklerini we işlerinde şu ugurda bellenen halkara ülňülerine esaslanýandyklaryny aýtdylar. Şol kompaniýalar hödürleýän ýokary hilli we ygtybarly hyzmatlary bilen uly abraýdan peýdalanýarlar.

Duşuşykdan soň taraplar türkmen ýük daşaýjylary bilen «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» kompaniýasynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň özara gyzyklanmalaryň üstüni ýetirýändigini we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ähmiýetli bölegini emele getirýändigini bellediler.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

2022