2024-nji ýylyň 10-njy iyulynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda–senagat edarasynyň baş direktory Ali Saeed Bu Sharbak Al Mansori bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy