Türkiýäniň medeni mirasy: medeniýetiň gözbaşyna atarýan açyşlar

BT
Türkiýäniň medeni mirasy: medeniýetiň gözbaşyna atarýan açyşlar
Türkiýäniň çäginde tapylan gadymy heýkeliň rejeleýiş işinden pursat

Anatoliýanyň gadymy medeniýetiniň çatrygynda ýerleşýän Türkiýe täsin arheologik tapyndylary bilen dünýäni haýrana goýmagy dowam edýär. Adamzadyň mesgen tutan iň gadymy ojaklarynyň biri bolan bu ýerler gymmatly medeni hazynany özünde saklaýar. Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda her ýyl geçirilýän gazuw-agtaryş işleriň netijesinde bu tapyndylar ýüze çykarylýar. 2024-nji ýylda arheologlar dünýä taryhyna düşünmäge täsirini ýetirýän uly açyşlary etdiler. Şunda Türkiýäniň bikanun alnyp gidilen taryhy tapyndylary gaýtaryp almakda işjeňlik görkezýändigini bellemelidiris.

Türk arheologiýasynyň altyn asyry

Türkiýe medeni mirasy gorap saklamakda iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen dünýäniň arheologiýa ylmynda öz ornuny berkidýär. 2024-nji ýyly “Türk arheologiýasynyň altyn asyry” diýip yglan eden bu ýurt dört ýylyň içinde soňky 60 ýyldaka barabar bolan işleri ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. 2021-nji ýylda sany 670-e barabar bolan arheologik gazuw-agtaryş işleri 2023-nji ýylda 720-ä deň boldy. Ony 2024-nji ýylyň çaklamalaryna görä, 750-ä, 2026-njy ýyla çenli bolsa 800-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Ýadygärlikleri dikeltmek we arheologik desgalara syýahatlary guramak işleri dowam etdirilýär.

2024-nji ýylyň arheologik açyşlary

Gadymy Laodikeýa şäherinde ýüze çykarylan Ssillynyň mifiki heýkeli hem-de Odisseýiň we onuň ýoldaşlarynyň beden bölekleriniň heýkelleri şu ýylda tapylan tapyndylaryň iň gowularynyň hatarynda boldy. Ellin medeniýetine degişli bu ýadygärlikler örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr we barokko nusgasy bilen haýran galdyrýar. Afrodisiasda ýaşy 2000 ýyl töweregi hasaplanylýan Zewsiň suduryny üýtgetmedik kelle heýkeli tapyldy.

Direkli gowagynda bu sebiti dokmaçylygyň gadymy taryhy bilen baglanyşdyrýan 13 müň ýyllyk süňkden ýasalan iňňe ýüze çykaryldy. Karahantepede arheologlar ylgap barýan ýabany eşegiň şekilini tapdylar. Gadymy neolit döwrüne degişli ilatly ýerdäki bu tapyndy hereket edip barýan ýabany haýwanyň suraty şekillendirilen dünýädäki ilkinji şekildir. Kaýalypynar şäherinde galdyrylan el aýasynyň yzlary hem-de Antaliýanyň kenar ýakasynda tapylan minoý medeniýetine degişli bürünç pyçak beýleki möhüm ähmiýetli tapyndylaryň hataryna girýär.

Beýleki tapyndylaryň hatarynda Aspendosdaky Zewsiň we Afroditiň heýkelleri, Andriakdaky millefior (gül reňklerinde bezelen) bezeg panelleri, Aýaniseden tapylan urart medeniýetiniň bürünç galkanlary bar.

Medeni gymmatlyklary gaýtaryp almak

Türkiýe ýitirilen taryhy gymmatlyklary işjeň gaýdyp almagy dowam etdirýär. 2024-nji ýylda ýurda ABŞ-dan 14 sany arheologik we etnografik gymmatlyklar, şol sanda gadymy Bubon şäheriniň bürünç kelle heýkelleri we ýadygärlikleri, keramika önümleri, teňňeler we osmanly döwrüne degişli iki pyçak getirildi. Türkiýe taryhy ýadygärlikleri gaýtaryp almak üçin hukuk we diplomatik taýdan göreşmegi dowam etdirýär.

2022