Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr aralygy dynç günleri diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berýär.
12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde halkara derejesindäki giň gerimli forum geçiriler. Bu çäre 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowa degişli işleri ýokary derejede guramak we foruma degişli taýýarlyklary üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň 11 aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.





30635-495x4352.jpg)











