Aşgabat bilen Minsk göni howa gatnawlary dikeltmegi maslahatlaşyldylar

BT
Aşgabat bilen Minsk göni howa gatnawlary dikeltmegi maslahatlaşyldylar
“Belavia” awiakompaniýasynyň uçary, Minsk, Belarus (Surat: belavia.by)

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy Aşgabat–Minsk ugry boýunça göni howa gatnawlaryny dikeltmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu mesele Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahаr Seýidowanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen penşenbe güni bolan duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, duşuşygyň dowamynda taraplar medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine hem aýratyn üns berdiler. Hususan-da, Medeniýet günlerini geçirmek, sergileri guramak we beýleki bilelikdäki çäreleri amala aşyrmak baradaky mümkinçiliklerine garaldy.

Häzirki wagtda “Belawia” awiakompaniýasy Türkmenbaşy–Minsk ugry boýunça hepdede iki gezek — çarşenbe we ýekşenbe günleri yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Minsk–Türkmenbaşy ugry boýunça yzyna uçuşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli sişenbe we ýekşenbe günleri, aprel–oktýabr aýlarynda bolsa sişenbe we şenbe günleri ýerine ýetiriler.

Ozal, Türkmenistan bilen Özbegistan Aşgabat–Daşkent ugry boýunça göni howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek barada hem ylalaşyk gazandylar.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022