2026: Türkmenistan ulag pudagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekçi

BT
2026: Türkmenistan ulag pudagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekçi
Ýük sisternalary, Türkmenistan

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumynda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew habar berdi.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda döwrebap demir ýol wokzallaryny, deňiz gämilerini, önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak, şeýle hem teplowozlary we wagon parkyny abatlamak işleri görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metnugaty habar berýär.

Wise-premýeriň bellemegine görä, öňe sürlen meýilnamalar bar bolan ulag infrastrukturasyny has netijeli peýdalanmak we sebitdäki üstaşyr mümkinçilikleri bilen utgaşyklylykda ýük dolanyşygyny artdyrmaga, pudagy mundan beýläk hem sanlylaşdyrmaga, maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini döwrebap talaplara laýyklykda guramak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022