Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) maliýe gözegçiligi bölümine hasaba durmak üçin zerur resminamalaryň täze sanawyny mälim etdi. Bu çäre, jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmäge gönükdirilendir.
Müşderiler TDHÇMB-niň maliýe gözegçiligi bölümine hasaba durmak üçin öz şahsyýetlerini tassyklaýan resminama barada maglumatlary tabşyrmaly. Biržanyň hünärmenleri müşderiden alnan maglumatlara esaslanyp, onuň işleriniň we amallarynyň görnüşlerini üns bilen barlaýar hem-de degişli töwekgelçilik derejesini bahalandyrýar. Soňra, müşderiniň maglumatlary awtomatlaşdyrylan bank ulgamyna girizilýär.
Hasaba durmak we resminamalary tabşyrmak onlaýn görnüşde, biržanyň şahsy otagy arkaly amala aşyrylýar. Ol ýerden müşderler resminamalary, anketalary we nusgalary ýükläp alyp bilerler we zerur bolan ýagdaýynda resminamalaryň sanawyny hem dolduryp bilerler. Şeýle hem müşderler biržanyň administratorlary bilen aragatnaşyk saklap bilerler.
Dahylly we dahylsyz müşderiler, şol sanda hususy telekeçiler we ýuridik şahslar, barabarlamak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar:
- Biržanyň başlygynyň adyna, bellige alynmagy bilen bagly ýüzlenme haty;
- Hususy telekeçileriň we ýuridik şahslaryň esaslandyryjy resminamalarynyň ýurduň notarial edarasy ýa-da Türkmenistanyň konsullyk gullugy tarapyndan tassyklanan nusgalary;
- Sowalnama:
Müşderiler tabşyrýan resminamalaryň hakykylygyna jogapkärdirler we resminamalar döwlet diline terjime edilmelidir.
Bu talaplaryň ýerine ýetirilmegi amallaryň aýdyňlygyny üpjün edýär, birža bilen işleşmegiň ygtybarlylygyny berkitýär we maliýe gözegçiligi kadalarynyň berjaý edilmegine ýardam berýär.


















